Читать книгу Русско-туркменский технологический словарь. Rusça-türkmençe tehnologik sözlük - Ахмет Мырадович Пенджиев - Страница 4
SÖZBAŞY
ОглавлениеBerkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň täze başlangyçlary netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde dünýä döwletleri bilen syýasy, ykdysady, medeni, ylym-bilim we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlyk giň gerimli ösdürilýär. Ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny ösüşiň täze derejelerine çykarmak, ylmyň ileri tutulýan ugurlary boýunça alnyp barylýan ylmy-barlaglaryň hilini yzygiderli kämilleşdirmek, ylmyň gazananlaryny önümçilige we durmuşyň ähli ugurlaryna ornaşdyrmak, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly hünärmenleri taýýarlamak babatda geljegi möhüm ähmiýetli işler alnyp barylýar.
Türkmenistan döwletimizde döwrüň ösen talaplaryndan ugur alyp döwrebap ýokary okuw mekdepleri gurlup ulanmaga berilýär, olar dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynda öndürilen kompýuterler, barlaghana enjamlary, elektron kitaphanalar, şeýle hem internet ulgamy, sanly aragatnaşyk bilen üpjün edilýär. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde täze hünärler açylýar we döwrebap okuw kitaplary, okuw gollanmalary yzygiderli taýýarlanýar. Ýokary okuw mekdeplerinde täze hünärleriň açylmagy bilen şol ugurlara degişli sözler, adalgalar, düşünjeler hem ulanyşa girýär. Şu sebäpli daşary ýurt dillerinde ulanylýan şeýle sözleriň, adalgalaryň, düşünjeleriň düýp manysyny açyp görkezýän iki dilli sözlüklere hem zerurlyklar ýüze çykýar. Häzirki wagtda şeýle gaýragoýulmasyz zerurlyklardan, talaplardan ugur alyp syýasy, ykdysady, hukuk, diplomatik, ekologik, lukmançylyk, tehniki we beýleki ugurlar bilen bagly iki dilli sözlükler taýýarlanylýar. Bu bolsa degişli ugurlaryň dünýä ylmynyň gazananlary bilen ugurdaşlykda ösdürilmegine, bu ugurdan hünärmenleriň hünär derejesiniň, dünýägaraýyşynyň baýlaşmagyna, dünýä ylmynyň gazananlary bilen içgin tanyşmaklaryna oňyn täsirini ýetirýär.
Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistan döwletimizde tehniki we tehnologik ugurdan rusça-türkmençe, iňlisçe-türkmençe sözlükleri taýýarlamak babatda hem özboluşly tejribe toplandy. Bu babatda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi N. Körpäýewiň, professor S.Batyrowyň, professor A.Kerimowyň, G. Çonanowyň, K. Orazowyň, K.Baýramowyň, A. Jumaýewiň we beýlekileriň hyzmatlary uludyr.
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň talaplaryndan ugur alyp taýýarlanan «Rusça-türkmençe tehnologik sözlük» hem gaýtadan dikeldilýän energiýa, daşky gurşawy goramak we nanotehnologiýa babatda sözleri, adalgalary öz içine alýar. Bu sözlük inžener-tehniki ugurdan hünärmenlere, tehniki ýokary okuw mekdepleriniň we ýörite hünär mekdepleriniň professor-mugallymlaryna, talyplaryna we giň okyjylar köpçüligine niýetlenildi. Bu sözlük ylmy we tehniki sözleriň, adalgalaryň türkmen dilindäki taýlarynyň giňden ulanylmagynda, ylmy dolanyşyga ornaşdyrylmagynda hünärmenlere özboluşly gollanma bolup hyzmat eder.